Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ITEA» geljekki grafika dizaýnerleri üçin täze gözýetimleri açýar

11:2524.09.2024
0
8357

«ITEA» kompaniýasy ähli isleg bildirýänler üçin wizual aragatnaşyk pudagynda zähmet ýoluna gadam basmaga ýa-da bu ugurda başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge ajaýyp mümkinçilik döretmek bilen, «Grafika dizaýny» okuwlaryna ýazylyşygyň başlanandygyny habar berýär. Bu okuwlar dizaýn işinde ilkinji ädimlerini ädýänlerden başlaýanlardan başlap, başarnyklaryny has-da ösdürmek isleýän tejribeli hünärmenlere çenli köp sanly diňleýjilere niýetlenilip işlenip düzülendir.

Näme üçin diňe «ITEA»?

- toplumlaýyn çemeleşme: dizaýnyň esaslaryndan başlap, Adobe Photoshop, Illustrator we Figma ýaly programmalarda işlemegiň ösen tehnikalaryna çenli.

- amaly tejribe: tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda hakyky müşderiler bilen taslamalaryň üstünde işlemek.

- özbaşdak çemeleşme: okuw tertibiniň çeýeligi we özüňize laýyk gelýän okuw formatyny saýlap almak mümkinçiligi.

Okuw maksatnamasy tamamlanandan soň, uçurymlar bu ýerde alan bilimlerini dürli pudaklarda, şol sanda brending, mahabat dizaýny hem-de frilans ýaly ugurlarda peýdalanyp bilerler. «ITEA» bu okuwlary zähmet bazarda iň isleg bildirilýän hünärleriň birine eýe bolmagyň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirýär.

Döredijilik zähmet ýoluny ösdürmek isleýänler üçin «ITEA» kompaniýasy şu salgylanma arkaly ýa-da (+993 63) 47 11 92 we (+993 63) 42 67 51 telefon belgilerine jaň edip okuwlara hasaba alynmagy teklip edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň