Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:3812.09.2024
0
12565

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi, Aşgabatda täze 720 orunlyk mekdep gurlar, Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümi başlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çaga iýmitini, azyk önümlerini, bugdaýy, karbamidi, dizel ýangyjyny, benzini we sementi ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Ynsanperwerlik kömegi türkmen-owgan serhedinde Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna iberildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, Aşgabat şäheriniň häkimligine «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada «Derýa gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanar we desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.

3. 11-nji sentýabrda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurduň welaýatlarynda obasenagat toplumy üçin möhüm waka bolan hasyl ýygymyna girişildi. Döwlet Baştutany pagtaçy daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Möwsümiň dowamynda tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmat işleri guraldy, şeýle hem işgärleriň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

4. Türkmenistanda ýakynda ýola goýlan sanly karz ulgamy ýurduň ilatynyň arasynda meşhurlyk gazanýar. Ulgam işe girizileli bäri geçen bir aýyň içinde oňa 3000-den gowrak adam birigip, olaryň 400-si eýýäm karz aldylar. Sanly karz ulgamy müşderiniň karz taryhyny hakyky wagtda seljerýän ýörite algoritmleri ulanýar. Bu ulgamda arza tabşyrmakdan başlap, karzy almaga çenli ähli amallar onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.

5. Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen auditoriýasynyň tanyşdyrylyşy Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Dabara Türkmenistandan gelen wekiliýet, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

6. «HI-TECH Türkmenistan 2024» halkara maslahatynda we sergisinde Şwesiýanyň «CMA» IT kompaniýasy «Abraly Işler» türkmen kompaniýasy bilen aýratyn hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. «CMA» kompaniýasynyň sebitleýin direktory Maksim Neşeret milli çalt töleg ulgamyny gurmak pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady: «Biz eýýäm 50-den gowrak ýurtda şuňa meňzeş taslamalary durmuşa geçirdik we bu möhüm ulgamy döretmekde Türkmenistan bilen tejribe alyşmagy umyt edýäris». Çalt töleg ulgamyndan başga-da, «CMA» Türkmenistanyň gazna bazary bilen esasy hyzmatlary, şol sanda merkezi depozit ulgamyny we hasaplaşyk merkezini döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu başlangyçlar türkmen işewürleriniň daşarky maýa goýumlaryny çekmek we daşary ýurt maýadarlary bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Dünýäde

7. Adamzat kosmosy özleşdirmekde täze sepgitlere ýetdi. Kosmonawtika taryhçysy Aleksandr Železnýakowyň bellemegine görä, häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda rekord derejede köp adam – 19 adam bar. Bu taryhy waka Baýkonur kosmodromyndan «Soýuz MS-26» kosmos gämisiniň üstünlikli uçurylmagyndan soň boldy.

8. Hytaýyň tehnologiýa ägirdi «Huawei» özboluşly üç bölekli gurluşy bolan rewolýusion «Mate XT» smartfonyny tanyşdyrdy. Bu enjam 10,2 dýuým ekrany we durulygy 2232x3184 piksel bolan doly derejeli planşete öwrülmage ukyplydyr. Ýazylan ýagdaýynda göwrüminiň uludygyna garamazdan, «Mate XT» bary-ýogy 238 gram agramy bilen örän ýeňildir. Enjam simli we simsiz zarýad bermegi goldaýan kuwwatly 5600 mA/s sygymly akkumulýator bilen üpjün edilendir. Täze önüm «Huawei» tarapyndan işlenip düzülen «HarmonyOS» operasion ulgamynda işleýär.

Sport habarlary

9. Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary BAE-däki türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde geçirilen ýoldaşlyk duşyşygynda Emirlikleriň «Al-Hamriýa» toparyny 4:0 hasabynda ýeňdiler. Ýeňijileriň düzüminde Abdulla Nursähedow goşa gol geçirdi, Şamuhammet Babaýew we Gurbangeldi Sähedow bolsa hersi bir pökgi geçirdi. Ondan öň Ýakup Öwezowyň şägirtleri Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar we Fransiýanyň toparyndan 1:9 hasabynda ýeňildiler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 13-nji sentýabrda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň