Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:4811.09.2024
0
10989

Aşgabatda täze Söwda merkeziniň gurluşygy başlanar, Türkmenistan we Owganystan täze infrastruktura desgalaryny açdylar, Halkara gimnastika federasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana geler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäherinde täze Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony gurmak barada «Rönesans» türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanar we taslamany 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslama desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagy hem öz içine alýar.

2. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund täze infrastruktura desgalaryny işe girizmek we gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň uzynlygy 177 metr demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak dabarasy bar. Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berilmegi möhüm waka boldy. Mundan başga-da, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Turgundy – Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Çäräniň ahyrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabarasy geçirildi.

3. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk Tatarstan Respublikasy bilen alnyp barylýan işjeň gatnaşyklaryň netijesinde has-da täze derejä göterildi. Bu barada «Garant» söwda öýüniň müdiri Regina Şafikowa Aşgabatda geçirilen Maýa goýum forumynyň çäginde «Turkmenportal» web saýtyna beren interwýusynda belledi. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maşyngurluşyk, nebitgaz, energetika, awiasiýa we gämigurluşyk pudaklarydyr. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ätiýaçlyklar täze tehnologiýalar, bilim we sport ulgamlaryna degişlidir. Tatarystan hyzmatdaşlyga açykdyr hem-de tejribe alyşmaga we Arkadag şäherini iň täze tehnologiýalar we sanly çözgütler bilen enjamlaşdyrmak üçin bilelikde işlemäge taýýardyr. Geçen ýyl Kazan we Arkadag şäherlerini dogan şäherler diýip yglan etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, bu bolsa hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda myhman Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandariň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu saparyň Türkmenistan bilen Malaýziýanyň gatnaşyklaryny ösdürmdekde ähmiýetini belledi. Ol öňde boljak duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi hem-de iki ýurduň arasyndaky deňlik we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ünsi çekdi. Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi, bu ulgamda «PETRONAS» kompaniýasy uglewodorod baýlyklaryny gazyp almak we hünärmenleri taýýarlamak taslamalaryna işjeň gatnaşýar.

5. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy eçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,5 göterim ýokarlandy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç Aşgabatda geçirilen Maýa goýum forumynda belläp geçdi. Wolwaç geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 13% ýokarlandygyny belledi, şu ýyl bolsa bu görkeziji has-da artdy, bu bolsa eksportyň we importyň ösýändigini görkezýär.

Dünýäde

6. Beýonse muşdaklarynyň köpüsini geň galdyran garaşylmadyk karara geldi. Aýdymçy soňky albomlaryndan aýdymlar üçin wideoklip döretmekden ýüz öwürdi we muny hususy döredijilik ugry bilen düşündirdi. «GQ» žurnalyna beren interwýusynda Beýonse bu kararyň sebäplerini aýtdy. Ajaýyp wokal ussatlygy bilen tanalýan aýdymçynyň bellemegine görä, ol diňleýjileriň eseriniň ses aýratynlygyna uly üns bermegini isleýär.

Sport habarlary

7. 13-nji sentýabrda Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy we Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Morinari Watanabe Türkmenistana sapar bilen geler. Bu sapar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we gimnastika pudagynda tejribe alyşmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň