Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenawtoulaglary» «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisine gatnaşýar

16:3224.05.2024
1
16639

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisine gatnaşýar- diýip, «Türkmenportal» web saýtynyň žurnalisti habar berýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň pawilýonynda ýurduň awtoulag pudagynda ýeten belent sepgitleri giňişleýin beýan edilip, onda birnäçe hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Agentligiň diwarlygynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hödürleýän hyzmatlarynyň giň toplumy, degişli çözgütler hem-de ýurduň bu ugurdaky mümkinçilikleri görkezildi.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisine «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň gatnaşmagy ýurduň ulag pudagynda gazanylan üstünlikleri görkezmäge, işewür gatnaşyklary guramaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň