Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italýan suratkeşi Türkmenistany öz içine alýan Aziýa gezelençleri baradaky eserlerini hödürledi

15:3015.01.2024
0
19881

Stambuldaky «Artizan Sanat» şekillendiriş sungat merkezinde italýan suratkeşi Françeska Biondiniň Aziýa ýurtlaryna syýahatyna bagyşlanan eserleriniň sergisi geçirilýär. Bu barada «Anadolu» habarlar gullugy habar berýär.

Biondi suratlarynda 2018 — 2020-nji ýyllarda eden syýahatynyň täsirlerini ýetirmäge synanyşýar. Ol Türkmenistan bilen birlikde Aziýanyň 15 ýurdunda boldy. Suratkeş syýahatynda uçardan peýdalanmandyr, onuň pikiriçe, bu ýerli däp-dessurlara we medeniýete has gowy düşünmäge kömek edipdir.

Sergide görkezilen ýagly suratlaryň 21-si Biondi syýahatdan gaýdyp gelenden soň işlenildi. Suratkeş eserlerinde baryp gören ýerleri barada iň gowy ýatlamalary jemlemäge synanyşandygyny aýdýar.

«Asyl portretleri, olar üçin ýatdan çykmajak sowgat bolar ýaly, suratyny çeken adamlara berdim. Bu ýerde görkezilýänler göçürme» diýip, Biondi aýdýar.

Biondiniň suratlarynda Türkmenistandan başga-da 14 ýurt öz beýanyny tapdy: Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Hytaý, Wýetnam, Laos, Kamboja, Taýland, Mýanma, Hindistan, Nepal we Pakistan.

Suratkeşiň pikiriçe, taslama oňa gözýetimini giňeltmäge we täze adamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Ol Aziýany öwrenmegi dowam etdirmegi we sebite ýene syýahat etmegi meýilleşdirýär.

Françeska Biondiniň «Gündogara tarap» atly eserleriniň sergisi Stambulyň «Artizan Sanat› sungat merkezinde 20-nji ýanwara çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň