Top.Mail.Ru

Son haberler

Haber Arşivi

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
4096
Adres:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Telefon:
39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.
Internet adresi:
e.fineconomic.gov.tm
Son güncelleme:

1. LOT ¹ 49.
Gullugyň şahsy düzümi üçin dürli görnüşli telewizorlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

2. LOT ¹ 231.
Welaýatyň ilatynyň agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we onuň sarp edilişine gözegçilik etmek hem-de rejeli peýdalanmak üçin dik çuň guýularyň nasoslaryna mikroprosessor enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

3. LOT ¹ 254.
Türkmenabat ýaşaýyş jaý ulanyş trestine, Jemagat hojalygy, Arassaçylyk we “Türkmenabatzeýsuw” müdirligine zerur harytlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

4. LOT ¹ 282.
Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň binasynyň üznüksiz tok beriji enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat et-mek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

5. LOT ¹ 374.
Çärjew etrabynyň täze mellek ýerlerinde güýjenmesi 0,4/10 kW bolan howa ulgamyny gurmak hem-de 2 sany GKTP 250/10 kW desgasyny oturtmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

6. LOT ¹ 387.
Türkmenabat şäheriniň Görogly beg Türkmen, Mollanepes, Jambul, A.Nowaýy we Aşgabat köçeleriniň daşky yşyk-landyryş ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

7. LOT ¹ 388.
Türkmenabat şäheriniň Zelili, Altyn asyr, Gurbansoltan eje adyndaky köçeleriniň daşky yşyklandyryş ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

8. LOT ¹ 396.
Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň daşky yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

9. LOT ¹ 398.
Türkmenabat şäheriniň birnäçe köçeleriniň yşyklandyryş ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

10. LOT ¹ 406.
Gullugyň harby bölüminiň şahsy düzüminiň ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek üçin degişli enjamlary we serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

11. LOT ¹ 431.
Komitete gurluşyk taslamalaryny taýýarlamak üçin printer enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti.

12. LOT ¹ 434.
Arkadag şäherinde ulanmaga tabşyrylan desgalarda tükelleýiş işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin kompýuter enjamlarynyň toplumyny we goşmaça köpeldiji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Arkadag şäher häkimligi.

13. LOT ¹ 469.
Şäheriň şaýollarynda we köçelerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýol hereketini sazlaýjy enjamlarda abatlaýyş işlerini geçirmek, ýolyşyk enjamlaryny, ýol ýazgylaryny, belgilerini we olara gerekli ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

14. LOT ¹ 475.
Köneürgenç etrabynyň “Maslahat” daýhan birleşiginiň Maslahatdepe obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Daşoguz şahamçasy.

15. LOT ¹ 486.
Gökdepe şäheriniň Gündogar köçesiniň ugrunda ýol hereketiniň gatnawyny kadalaşdyryjy enjamy gurnamak hem-de Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýolunyň geçýän böleginde ilatly ýerlere sowulmalarda esasy ýoly kesip geçýän geçelgeleriň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

16. LOT ¹ 488.
Jemagat hojalygy müdirliginiň Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň “Aşgabatýylylyk” trestiniň ýyladyş desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

17. LOT ¹ 492.
«Daşoguzwelaýatagyzsuw” birleşiginiň garamagyndaky «Daşoguzşäheragyzsuw” müdirliginiň şäher agyz suw zawody üçin enjamlary we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

18. LOT ¹ 493.
Mary — Aşgabat awtoulag ýolunyň ugrunda welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurulýan ýaşaýyş jaýynyň agyz suw geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

19. LOT ¹ 494.
Mary şäheriniň N.Halmämmedow köçesiniň daşky lagym geçiriji ulgamyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

20. LOT ¹ 497.
Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşligindäki täze, döwrebap obada geňeşligiň edara binasyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ah al welaýat häkimligi.

21. LOT ¹ 500.
Serhet birikmesiniň binalar toplumynyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

22. LOT ¹ 509.
«Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň edara-kärhanalaryna gerek bolan bekleýjileri satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

23. LOT ¹ 510.
Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň, Alp Arslan köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlar toplumynyň daşky inženerçilik ulgamlaryny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

24. LOT ¹ 513.
Degişli binalaryň gurluşygy we durkuny täzelemek işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

25. LOT ¹ 515.
Kerki şäheriniň Täze ýol köçesiniň hem-de Hojambaz etrabynyň Döwletli şäheriniň birnäçe köçeleriniň yşyklandyryş ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

26. LOT ¹ 553.
Ministrligiň ýörite edaralary üçin ýuwujy hem-de arassalaýjy serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

27. LOT ¹ 561.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binasyndaky 15 sany lifte tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

28. LOT ¹ 568.
Mary welaýat döwlet athanasynyň durkuny täzelemek, degişli desganyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: “Türkmen atlary” döwlet birleşigi.

29. LOT ¹ 572.
Ýylylyk geçiriji ulgamda düýpli bejeriş işlerini geçirmek üçin polietilen turbalary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

30. LOT ¹ 574.
Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşligindäki täze, döwrebap obanyň daşky we içerki ýollarynyň gurluşygy üçin gur-luşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

31. LOT ¹ 576.
Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky daýhan birleşiginde gurulýan 26 sany ipoteka ýaşaýyş jaýyna barýan daşky suw geçiriji ulgamy gurmak üçin enjamlary we gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

32. LOT ¹ 577.
Mary şäheriniň Togrulbeg köçesiniň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlaryny ýylylyk bilen üpjün edýän bug gazan jaýyny täzeden gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

33. LOT ¹ 578.
Wekilbazar etrabynyň J.Atajanow adyndaky daýhan birleşiginde gurulýan ipoteka ýaşaýyş jaýlaryna barýan daşky suw geçiriji ulgamy gurmak üçin enjamlary we gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

34. LOT ¹ 579.
Daşoguz şäheriniň «Merkez — 2» şäherçesiniň 13/1-nji, 13/2-nji, şäheriň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 46-njy köp gat-ly jemagat ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak we gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

35. LOT ¹ 580.
Balkanabat şäheriniň Jebel — Hazar suw geçirijisiniň durkuny täzelemek üçin enjamlary we harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

36. LOT ¹ 581.
Balkanabat şäher we Awaza etrap Jemagat hojalygy müdirliklerine degişli Döwlet baýdagynyň sütünlerine dakmak üçin 100 sany baýdagy satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

37. LOT ¹ 582.
Türkmenabat şäheriniň Ärsary baba köçesiniň 4-nji salgysyndaky edara jaýyny düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan hem-de ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Telefon belgileri: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda