Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi modeller öýleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigi yglan edýär
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde modeller öýleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşik esasy 3 ugur (nominasiýa) boýunça geçirilýär:
«Baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),
«Sport egin-eşikleriniň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin),
«Gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy» (ulular we çagalar üçin).
Ýeňijiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň şahadatnamasy we sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 2021-nji ýylyň 26-njy apreline çenli kabul edilýär.
Salgysy: 744000, Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.
Elektron salgysy: tmtextile@online.tm; tdsm-tikin@online.tm
Telefon belgileri: 40-70-72; 40-70-71; 40-70-68; 40-70-69; faks belgisi: 21-08-98.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň