Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Päk service

1
7674
Salgysy:
Туркменистан, Ашхабад, ул. Г. Кулиева 2127, д.77
Telefon belgiňiz:
(+993 64) 76 88 55, (+993 64) 79 22 99.
Pocta:
info@packservice.biz
Soňky täzelenme:

Bir yerden basga yere gocmek durmusynyzdaky in satlykly we lezzetli wakalaryn biri bolup biler, yone ony amala asyrmak ucin yokary jogapkarcilikli cemelesmeli. Bir yerden basga yere gocmekligin onyn meyillesdirilisi bir-iki gunden kop wagty sarp etmeyar. Eyyam sol gun agsam Siz oz rahat oturgujynyzda oturarsynyz, taze oyunizin toweregine goz aylarsynyz, ahli mebellerin oz yerlerine ornasdyrylandygyny hem-de beyleki zatlaryn tertipli yerlesdirilendigini gorup bilersiniz. Oy tertiplesdirilen, Siz guyc-kuwwatdan doly, bu bolsa taze oye cagyryljak myhmanlaryn sanawyny duzmegin wagtynyn gelendigini anladyar! Yurdumyzda bir yerden basga yere gocmeklikde yeke-tak marka bolan PakService hunarmenleri bu ugurda oz hyzmatlaryny Size hodurleyar.

 

Hyzmatlar:

Pack service – bu bir ýerden başga ýere göçürmek, ulagda daşamak, gaplamak we gysga möhletli ammara ýerleşdirmek ýaly hyzmatlar ýerine ýetriýän kärhana. Siziň emläkleriňizi arzan bahada we gysga wagtda daşamagy amala aşyryp bileris, sebäbi daşalmaly zatlaryň mukdary az bolan ýagdaýynda müşderilerimiziň ulag üçin goşmaça pul we wagt sarp etmezlik islegine düşünýäris. Ýokary derejeli hünärmenleriň we ýöriteleşdirilen ulaglaryň bolmagy, berilýän hyzmatlaryň hilini kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Hünärmenlerimiz siziň esbaplaryňyzy we enjamlaryňyzy gaplarlar, zerur mebel böleklerini aýyryp, täze salgyda ýygnap bererler, bu bolsa siziň şahsy wagtyňyzy tygşytlar we ähli emlägiň howpsuzlygyny kepillendirer.  

 

Ofisi (iş ýerini) göçürmek:

Wagt – pul, şonuň üçin ofisiň (iş ýeriň) daşalmagyny bize ynansaňyz, Siz olaryň ikisinem hem tygşytlarsyňyz! 

Ofisi (iş ýerini) täze jaýa göçürilende, kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň başga-da wajyp aladalary bolansoň, “Pack service” hyzmatlaryny saýlamak bilen, ofisi göçürmekde hiç hili mesele ýüze çykmajakdygyna ynanyp bilersiňiz.
Sargydyňyzy ediň, galan hyzmatlary “Pack service” özi ýerine ýetirer. Biz bellenilen wagtda geleris we hemme işleri jogapkärçilikli ýerine ýetireris. Emlägiňiziň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin 10-dan gowrak gaplama materiallaryny ulanýarys. 

 

Ýaşaýyş jaýynyň göçürilmegi:

“Pack service” göçüriş hyzmatlary Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryny göçürmegiň toplumlaýyn çemeleşmeginde ýöriteleşendir, bu teklip aşakdakylary öz içine alýar:

  1. Karton gutulara we gaplaýyş materiallaryna soňraky gaplamalary bilen mebelleri sökmek
  2. Öý eýeleriniň şahsy esbaplary hem-de tehniki enjamlary gaplamak
  3. Ýörite enjamlaşdyrylan ulaglar arkaly esbaplary aýawly daşamak
  4. Soňraky mebelleriň we enjamlaryň gaplanylmagy.

 

Ygtybarlylyk:

Biziň iş toparymyzda her bir ýükleýji ýokary derejeli hünärmen. Bu örän möhüm, sebäbi bir ýerden başga ýere göçmeklik hemme ýükleýjileriň ýerine ýetirip biläýjek diňe bir ýüklemek we düşürmek işleri bilen bagly däldir. Emma berk bolmadyk zatlaryň ygtybarly gaplanylyşy, mebelleri gurnamak-sökmek ýörite hünär taýýarlygyny talap edýär.

 

Howpsuzlyk:

Biziň ähli hünärmenlerimiz hünär taýýarlygyny geçen we sertifikatlaşdyrylan. Işgärler hünäriniň ýokary derejeligi biziň müşderilerimiziň synlary bilen tassyklanýar. Aşgabat şäheriniň çäginde göçüriş hyzmatlaryny amala aşyrýarys. Biz kiçi hem-de uly göwrümli taslamalar boýunça edilen her bir sargyt üçin emlägiňiziň howpsuzlygyny kepillendirmäge taýýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Vepaniya ( 28.02.2021 )

Приветствую такие стартапы. Молодцы! По больше бы таких предпринимателей для нашей страны!

0
Meňzeş täzelikler