Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde tikin-trikotaž fabriginiň taslamasyny düzmek, gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

0
25562
Salgysy:
г.Ашхабад, Гарашсызлык шаёлы, 96
Telefon belgiňiz:
40-70-72, 40-71-77
Soňky täzelenme:

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tikin-trikotaž fabriginiň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça tejribesi bolan ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar çagyrylýar.
Ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere aşakdaky talaplar bildirilýär:
— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
— tehniki tabşyrygy almaly;
— tikin-trikotaž fabriginiň gurluşyk işleri, getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.
Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir. 
Bäsleşik teklipleri 2018-nji ýylyň 3-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi ähli gyzyklanma bildirýän maýadar kompaniýalary yglan edilen bäsleşige işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-70-72, 40-71-77.
E-mail: TmTextile@mail.ru

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler