Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşine bagyşlanan maslahat geçiriler

23:3520.03.2025
0
16824

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Daşary işler ministrligi, Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.

Resminama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerini hem-de ýurtda amala aşyrylýan ynsanperwer häsiýetli çäreleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da dabaralandyrmak, Türkmenistanyň bu şanly ýylyň dowamyndaky ynsanperwerlik hem-de eneligi we çagalygy goramak babatda amala aşyrýan işlerini dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek hem-de bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň