Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

23:1120.03.2025
0
15902

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisiniň başynda döwlet Baştutany iş kesilen 321 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Mejlisde milli parlamentiň Başlygy D.Gulmanowa ýurduň kanunçylyk-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek, kanun çykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwletiň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, şeýle hem kabul edilen kanunçylyk namalaryny halk köpçüligine düşündirmek işlerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ähli watandaşlaryna ýüzlenip, 21-nji martda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini, 22-nji martda bolsa ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy.

"Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr. Nowruz baýramy halklaryň arasynda dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy berkidýär" diýip, döwlet Baştutany nygtady we mejlise gatnaşyjylary hem-de ähli türkmen halkyny Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň agzalary hem Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarydyr arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň