Şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbe eýermek bilen, iş kesilen 321 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutany toparyň başlygyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.