Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

5-nji dekabrdan baýramçylyk bazarlary işläp başlar

09:2230.11.2024
0
17414

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistanyň söwda toplumynda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, baýramçylyk söwdalaryny 5-nji dekabrda başlap, ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde geçirmek, şeýle hem ýurt boýunça jemi 850-den gowrak ýörite söwda nokatlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, göçme söwda nokatlaryny guramagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja we miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň