Özbegistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow diplomatik wezipesini ýerine ýetirmek üçin Aşgabada geldi. 58 ýaşly diplomat Ukrainada, Moldowada, Fransiýada we Portugaliýada ilçi bolup işlemek bilen, halkara diplomatiýasy ulgamynda baý tejribä eýedir – diýip, gazeta.uz saýty habar berýär.
Moskwanyň Bauman adyndaky tehniki uniwersitetiniň, Özbegistan Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet Dolandyryş Akademiýasynyň we Jorjtaun uniwersitetiniň uçurymy bolup, Alimow ilçi wezipesine bellenmezden öň Oliy Majlisiň
Senatynda Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiň başlygy wezipesinde işledi.
Ol dört dilde – iňlis, fransuz, rus we ukrain dillerinde erkin gürläp bilýär.
Rawşanbek Alimow 2016-2024-nji ýyllar aralygynda Özbegistana wekilçilik eden Akmal Kuçkarowyň ýerine Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellendi.