Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük administrasiýasynyň (IRIСА) we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) arasynda halkara ulag daşamalar ulgamy arkaly ulag we üstaşyr howpsuzlygyny artdyrmak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Çeşmäniň habaryna görä, bu resminama halkara ulag daşamalar ulgamynda howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ylalaşykda gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, halkara ulag daşamalarynda gözegçiligi ýokarlandyrmak we administratiw päsgelçilikleri azaltmak göz öňünde tutulýar.
Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky transport aragatnaşygyny gowulandyrmakda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.