Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

09:5926.11.2024
0
8504

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurtda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwrüň ylmyň zamanasydygyny belläp, ähli ugurlar boýunça ylmy ösdürmek, elektron söwdanyň işini kämilleşdirmek, intellektual eýeçiligi özleşdirmek, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini ýola goýmak işine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän işleriň derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň wajypdygy barada aýdyp, Milli Lider bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Halk Maslahatynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde milli kanunçylyk ulgamynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň işiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy babatda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belledi. Şeýle-de intellektual eýeçilik boýunça kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi diýip, TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň