Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Täjigistanyň telekeçileri bolsa «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 million 430 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi hem-de dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.