Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hakaton bäsleşigi geçirildi

14:5113.11.2024
0
10526

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Tehniki ýumuş esasynda platformany işläp düzmek» diýen ugur boýunça hakaton bäsleşigi geçirildi. Ol programmirleme arkaly daşary ýurt dillerini okatmagyň ýeňilleşdirilen usullaryny döretmek üçin oňaýly IT-çözgütleri tapmaga gönükdirilendir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň talyplary gatnaşyp, sanly tehnologiýalar ulgamynda öz bilimlerini we ukyplaryny giňden görkezdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminleriň çözgüdi bilen ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşigiň baş baýragyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty eýeledi.

Birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary mynasyp boldular.

Ikinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Üçünji orny bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň IIM-niň institutynyň talyplar toparlary paýlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň