Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi badalga aldy

10:3817.10.2024
0
14048

Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda 16-njy oktýabrda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi öz işine başlady. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.

Iki günläp dowam etjek bäsleşigiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu giň gerimli bäsleşik pikir alyşmak we täze ylmy açyşlardyr oýlap tapyşlar üçin netijeli meýdança öwrüldi. Çykyş edenler halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde oba hojalygy pudagynyň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler. Bäsleşige hödürlenen taslamalaryň ýaşlary oba hojalygy pudagynda we ylmynda has uly üstünliklere ýetmäge höweslendirjekdigine ynam bildirildi.

Halkara ylmy-taslama bäsleşigi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde oba hojalygy pudagynda ýüze çykýan möhüm meseleleri öwrenmek we çözmek üçin talyplaryň ylmy garaýyşlaryny, ukyp-başarnyklaryny, döredijilikli çemeleşmelerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Ylmy-taslama işlerine taýýarlygynyň dowamynda talyplar diňe bir gözýetimlerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, pudagy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň derwaýys meselelerine ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetine-de göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Şeýle-de oba hojalygy üçin innowasion, amaly çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy ýaşlaryň takyk ylymlara, ýokary tehnologiýalara, inženerçilige, matematika gyzyklanmasyny artdyrdy.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda tabşyrylan ähli ylmy-taslama işleri emin agzalarynyň topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyrda eminleriň garamagyna oba hojalyk taslamalary (innowasion häsiýete eýe bolan ýa-da bar bolan görnüşlerden netijeliligi bilen tapawutlanýan oýlap tapyşlar), maglumat tehnologiýalary taslamalary (programma üpjünçiligi, şol sanda web hyzmatlar, mobil, desktop goşundylar, çat botlar) we işewürlik taslamalary (işewürlik meýilnamalary, maliýe resminamalary) ýaly ileri tutulýan ugurlaryň 3-si boýunça saýlanan iň gowy işleriň 150-si hödürlenildi. Hödürlenen işleriň üçden biri Russiýa Federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ýaponiýa, Botswana, Germaniýa ýaly 9 ýurtdan bolan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň işleridir. 100-e golaý iş bolsa Türkmenistanyň 16 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna degişlidir.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylaryň her birine düzümine Türkmen oba hojalyk institutyndan bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkärler, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri, oba hojalyk pudagy boýunça ylmy barlaglary alyp barýan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarydyr ylmy işgärleri girýän Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde sanly ulgam arkaly öz ylmy-taslama işleri bilen çykyş etmäge mümkinçilik dörediler. Ähli görkezijiler boýunça toplanan utuklaryň jemleri esasynda her ugurdan I, II we III orunlar kesgitleniler. Gozgalýan meseläniň wajyplygy, maglumatlaryň baý mazmuny we peýdalylygy, köpçülige niýetlenmegi (haçanda taslama jemgyýetiň aglaba bölegine täsir edýän meseläni çözmäge gönükdirilende), daşky gurşawa täsirini nazara almak bilen, hödürlenen taslamanyň täzeçilligi esasy talaplar bolup durýar.

Bäsleşigiň netijeleri 17-nji oktýabrda — onuň jemleýji tapgyry tamamlanandan soňra belli bolar. Ýeňijiler degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň