Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Allanur Gurluşyk»: guramaçylykly gurluşyk-abatlaýyş işleri

13:1522.08.2024
0
1181

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde gurluşyk işleriniň döwrüň talaplaryna kybap derejede amal edilmegine mynasyp goşant goşýan «Allanur Gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri dürli görnüşli buýurmalar esasynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygyny guramaçylykly we talabalaýyk derejede ýerine ýetirýärler. Daşoguz welaýatynda häzire çenli birnäçe gurluşyk taslamalaryny üstünlikli alyp baran kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri ýyl geçdigiçe ýokarlanýar.

2011-nji ýylda esaslandyrylan kärhana ilkinji gurluşyk-gurnama taslamalary hökmünde 2012-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda 365 orunlyk Sport mekdebiniň gurluşygyny, 2013-nji ýylda bolsa welaýatyň Boldumsaz etrabynda 420 okuwçy orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygyny ýerine ýetirdi. Şular bilen bir hatarda kärhana, kiçidir orta göwrümli gurluşyk işleriniň hem birnäçesiniň göwnejaý amala aşyrylmagyna goşant goşdy.

Kärhananyň iş çygrynyň gerimi giňeldilip, 2020-nji ýylda kärhanada täze bir ugur — Izogam we bitum-rezin izolýasiýa mastikasynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümçilik sehiniň işläp başlamagy netijesinde, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk önümleriniň bir bölegine sarp edilýän harajatlar ep-esli azaldyldy. Bu önümiň ýokary hilliligi gazanyldy.

Soňky ýyllarda «Allanur Gurluşyk» kärhanasy medeni-durmuş maksatly binalaryň, hususan-da ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmäge uly ähmiýet berýär. Muňa mysal hökmünde kärhananyň 2021-nji ýylda Daşoguz şäheriniň çäginde 2 sany 4 gatly 16 öýli 5/5-nji hem-de 5/7-nji ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga tabşyrandygyny aýtmak bolar. Häzirki wagtda bolsa kärhana welaýatyň Şabat etrabynyň Gülüstan geňeşliginde ýerleşýän 3 sany 1 gatly 1 öýli 5 otagly (ýerzemin gatly) ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirýär.

Geçen 13 ýylda gurluşyk-abatlaýyş işleriniň baý tejribesini toplan kärhana sargytlary kabul edýändigini habar berýär.

Habarlaşmak üçin:

• ýerleşýän salgysy: Daşoguz welaýaty, Akdepe etraby, Andalyp şäheriniň Baýram han köçesiniň 20-nji jaýy;
• telefon belgileri: +993 65 26 68 53; 800322 6 50 90;
• faks belgisi: 800322 6 48 28.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň