Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek «Ýylyň tennisçisi» boldy

23:5412.12.2023
0
14296

WTA tamamlanan ýylyň jemlerini jemledi. Oňa laýyklykda, häzirki wagtda zenanlaryň arasynda dünýä reýtinginiň lideri polşaly Iga Swýontek bassyr ikinji gezek «Ýylyň tennisçisi» diýlip yglan edildi. Şeýle-de, 2023-nji ýylda bu ada belarusly Arina Sobolenko, amerikalylar Kori Goff we Jessika Peguli, gazagystanly Ýelena Rybakina hem-de çehiýaly Marketa Wondrouşowa dalaş edipdiler.

Maglumat üçin, Iga Swýontek 2023-nji ýylda «Rolan Garros» «uly tuwulgasynda», WTA-nyň Jemleýji turnirinde, şeýle-de Pekin, Doha, Ştutgart we Warşawa şäherlerinde geçirilen «Masters» ýaryşlarynda çempion bolmagy başardy.

WTA ýylyň iň gowy tennisçisini ykrar etmek bilen bir hatarda, «Ýylyň açyşy» (ýylyň dowamynda garaşylmadyk derejede üstünlikli çykyş eden türgene niýetlenen baýrak — «Turkmenportal») baýragynyň eýesini hem mälim etdi. Oňa laýyklykda, russiýaly 16 ýaşly türgen Mirra Andreýewa «Ýylyň açyşy» baýragyna mynasyp görüldi. Bu ugurda ol ildeşleri Diana Şnaýder we Elina Awanesýan, amerikaly Peýton Stirns hem-de çehiýaly Linda Noskowa dagyny yzda galdyrdy.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň aprel aýynda ulularyň arasyndaky ýaryşlarda çykyş edip başlan Mirra Andreýewa gysga wagtda dünýä reýtinginde 255 basgançak ýokarlamagy başardy. Ol häzirki wagtda WTA reýtinginiň 57-nji ornuny eýeläp dur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň