Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda «KAMAZ» awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar

20:4226.07.2023
0
61741
Daşoguzda «KAMAZ» awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Daşoguz şäherinde umumy meýdany bir gektar bolan «KAMAZ» awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy dowam edýär.

Bu ýerde dürli desgalar, şol sanda edara jaýlary bolan modul kysymly iki gatly bina, abatlaýyş bölümi we awtoulag ýuwalgasy gurlar. Merkeziň çäginde ammar, üsti ýapyk awtoulag duralgasy, dürli meýdançalar we beýlekiler gurlar. Täze binada merkeziň kadaly işlemegini üpjün edip biljek ähli zerur tehniki desgalar bolar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Merkez «Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan welaýatyň edara ediş merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, şäherde gurulýan täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda gurulýar.

Bu köp ugurly edara baglaşylan şertnamalaryň esasynda hereket etmek bilen, sebitde bar bolan «KAMAZ» ýük awtoulaglaryna ýokary derejede hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň