Latest News
News Archive
Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi
1. LOT ¹ 3.
Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşigindäki güýjenmesi 10 kW bolan howa elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek hem-de KTP-160/10 kWa bolan desgany oturtmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
2. LOT ¹ 4.
Welaýatyň käbir etraplarynda, şäherçelerinde hem-de geňeşliklerinde KTP-400/10kWa, KTP-630/10kWa, KTP-250/10kWa bolan desgalary oturtmak hem-de güýjenmesi 10 kW bolan howa ulgamlaryny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
3. LOT ¹ 5.
Çärjew etrabynyň birnäçe geňeşliklerindäki obalarynda güýjenmesi 6/10/0,4 kW bolan howa ulgamlaryny gurmak, durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
4. LOT ¹ 6.
Çärjew etrabynyň geňeşliklerindäki obalaryň, şeýle hem Türkmenabat şäherindäki degişli transformator beketlerinden çykýan, güýjenmesi 0,4 kW bolan howa ulgamlarynyň, elektrik geçirijileriniň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
5. LOT ¹ 27.
Ministrligiň ýerli edaralaryna optiki-süýümli akymyň üsti bilen birikdirilmegi üçin degişli gurnama işlerini ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.
6. LOT ¹ 28.
Ministrligiň ýerli edaralaryna optiki-süýümli akymyň üsti bilen birikdirilmegi üçin optiki-süýümli akymyň kabelini we aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.
7. LOT ¹ 38.
Bäherden etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde agaç nahallaryny oturtmaga, bölünip berlen 214,4 gektar ýeriň suwaryş ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti.
8. LOT ¹ 51.
Elektron resminama dolanyşyk ulgamyny gurnamak, internet ulgamyna baglanmak mümkinçiligini we onuň elýeterliligini üpjün etmek, ýerli korporatiw tor ulgamynyň bolmagy, maglumat howpsuzlygynyň enjam, programma üpjünçiligini, kompýuter tehnikalaryna, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan serwerleri, döwrebap enjamlary hem-de ygtyýarnamaly programmalar bilen bagly zerurlyk edýän enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
9. LOT ¹ 78.
Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşen jaýlarda degişli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
10. LOT ¹ 86.
Ministrlige degişli binalardaky sowadyjy ulgamlarda (çillerlerde) düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
11. LOT ¹ 87.
Ministrligiň ýanyndaky “Awaza” sport toplumynyň binalaryndaky sowadyjy we howalandyryjy ulgamlarda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
12. LOT ¹ 88.
Ministrligiň birliklerindäki sowadyjy ulgamlar üçin serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
13. LOT ¹ 107.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
14. LOT ¹ 122.
Ministrlikde bar bolan ýangyn söndürijileri doldurmak we kuwwatlandyrmak.
Buýrujy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
15. LOT ¹ 123.
Bereket etrap prokuraturasynyň edara binasy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
16. LOT ¹ 127.
Gulluga degişli gämilere we katerlere zerur bolan serişdeleri hem-de enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
17. LOT ¹ 137.
Ýokary kazyýetde hem-de garamagyndaky kazyýet edaralarynda we degişli edara-kärhanalarynda sanly ulgamyň sazlaşykly işlemegi üçin interaktiw sensor panelli kompýuterleriň ikisini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.
18. LOT ¹ 144.
Balkan welaýat prokuraturasynyň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
19. LOT ¹ 145.
“Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigine degişli suw sorujy we kowujy beketler üçin ýokary basyşly nasos enjamlaryny hem-de elektrohereketlendirijileri satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
20. LOT ¹ 146.
“Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň Oglanly şäherçesiniň suw we lagym arassalaýjy hojalygynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 250 m3 bolan suw arassalaýjy desgasy üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
21. LOT ¹ 148.
“Balkanwelaýatagyzsuw” birleşiginiň Bereket suw ýygnaýjy we paýlaýjy gullugynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 000 m3 bolan suw arassalaýjy desgasy üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
22. LOT ¹ 149.
“Türkmenbaşyagyzsuw” müdirliginiň lagym, suw geçirijiler we ulag mehaniki sehleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 35 000 m3 bolan, Gyýanlydaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 000 m3 bolan deňiz suwuny süýjediji hem-de Awaza etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 70 000 m3 bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desgalar üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
23. LOT ¹ 153.
“Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigine degişli suw sorujy we kowujy beketleriň ýokary basyşly nasos enjamlarynyň elektrohereketlendirijilerini düýpli abatlamak üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
24. LOT ¹ 155.
“Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigine degişli suw sorujy we kowujy beketleriň ýokary basyşly nasos enjamlarynyň elektrohereketlendirijilerini düýpli abatlamak.
Buýrujy: Balkan welaýat häkimligi.
25. LOT ¹ 171.
Ahal welaýatynyň suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin (II tapgyr) harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.
26. LOT ¹ 188.
Büzmeýin etrabynyň Köpetdag şaýolunyň ugrundaky «Bagyr» suw howdanynyň yşyklandyryş sütünleriniň talabalaýyk ýanyşyna we abat saklanyşyna barlag geçirip, 125 sany yşyklandyryş sütünleriniň plafonlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti.
27. LOT ¹ 192.
Köşi ýaşaýyş toplumynyň günbataryndaky ýaşaýyş jaýlarynyň 68-siniň daşky eltiji inženerçilik ulgamlaryny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
28. LOT ¹ 197.
Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesinde (täze paýlanan mellek ýerlerde) elektrik geçiriji ulgamy gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
29. LOT ¹ 198.
Boldumsaz etrap merkezinde lagym sorujy desgalaryň 6-syny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
30. LOT ¹ 216.
Gulluga degişli binalaryň daşky inženerçilik ulgamlaryny (suw, gaz, elektrik) geçirmek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.
31. LOT ¹ 217.
Gulluga degişli desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
32. LOT ¹ 220.
Ministrligiň inženerçilik tehnikalaryna ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
33. LOT ¹ 221.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalaryndaky howalandyryjy, sowadyjy we ýyladyjy ulgamlara hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
34. LOT ¹ 222.
Sarahs etrabynyň «Bugdaýly» daýhan birleşigindäki güýjenmesi HU-10/0,4 kW bolan elektrik üpjünçiliginiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
35. LOT ¹ 223.
Babadaýhan şäherçesindäki güýjenmesi HU-10/0,4 kW bolan elektrik üpjünçiliginiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
36. LOT ¹ 225.
Şäheriň A.Nyýazow şaýoly, B.Hudaýnazarow, 2024 (Amyderýa) we 2105-nji (Hoja Ahmet Ýasawy) köçeleri bilen çäklendirilen ýer böleginde seýilgäh zolagyny döretmek we bu zolak üçin zerur bolan gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
37. LOT ¹ 229.
Gullugyň Mary welaýatynyň çäginde täze gurulýan binalar toplumynyň agyz suw üpjünçiligi üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
38. LOT ¹ 233.
Balkanabat şäheriniň Jebel — Hazar suw geçirijisiniň gurluşyk-gurnama işleri üçin enjamlary we harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
39. LOT ¹ 234.
Balkanabat şäher, Awaza etrap häkimlikleriniň jemagat hojalygy müdirliklerine degişli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütünlerine dakmak üçin 20x30 metr ölçegdäki Döwlet baýdagynyň 100 (bir ýüz) sanysyny satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
40. LOT ¹ 238.
Gullugyň desgalarynyň binalar toplumynyň gurluşyk-gurnama işleri, elektrik üpjünçiligi üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
41. LOT ¹ 249.
Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap şäherçedäki Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edara binasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
42. LOT ¹ 250.
Bereket etrabyndan Gulmaç şäherçesine çenli Bereket — Gulmaç suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
43. LOT ¹ 286.
Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
Bäsleşik 2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.
If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter strong >