Latest News
News Archive
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky hasabynda duran binany satmak üçin bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky hasabynda duran binany isleg bildirýän ýuridik şahslara we telekeçilere satmak üçin bäsleşik yglan edýär.
Satyljak bina Ahal welaýatynyň Sarahs şäheriniň Şeýdaýy köçesiniň 3-nji jaýynda ýerleşýär. Ol 2 gatdan ybarat bolup, 1997-nji ýylda gurlan, umumy meýdany 350,30 inedördül metrdir. Bina degişli ýer böleginiň meýdany 9 825 inedördül metr.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar tekliplerini şu habaryň goýulan gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda aşakdaky salga ibermelidirler: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 129-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 44-44-70, 44-44-76.
If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter strong >