Top.Mail.Ru

At the Alps Arslan National Drama Theater, the premiere of the play "Nazli Dildarym" will take place

0
14501
Address:
г. Ашгабат, Арчабиль шаелы 46
Phone:
48-11-49
Last update:

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Sizi «Näzli dildarym» (Toýdan öňki tomaşa) atly sahna eserini görmäge çagyrýar.

Türkmen halkyny däp-dessursyz, milli ýol-ýörelgesiz, gülküsiz, söýgüsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçinem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyçmyrat Kakabaýewiň bu sahna eseriniň esasy many-mazmun özeni türkmençilige ýugrulandyr. Bagta barýan menzillere ýaltalygyň, görüpligiň üsti bilen däl-de halal zähmet, açyk ýüreklilik, ýagşy niýet arkaly ýetip boljaklygy barada aýdylýan sözler, nygtalýan çuňňur manyly pikirler spektaklyň terbiýeçilik ähmiýetini hasda artdyrýar. Durmuş söýgüden başlanýar. Dünýä söýgüden başlanýar. Uzak ýyllardan bäri goňşuçylykda oturan Gyraw aga bilen Jarçynyň perzentleriniň birek-birege köňül bermekleri sebäpli garyndaşlyga uzaýan ömür pursatlary, tolgundyryjy başdan geçirmeleri, soňky bölümde ýüze çykýan gapma-garşylykda ýaşuly gahrymanlaryň tapýan dogry çözgütleri çeperçilik, şahyranalyk, wäşilik bilen beýan edilýär.

 

Biletleri onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Telefon: 48-11-49.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic