Latest News
News Archive
Examination questions in Turkmen language and literature for Turkmen high school graduates - 2020.
«Mugallymlar gazeti» gazetinde Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň takyk bilimler ugurly gutardyş synplarynda türkmen dili we edebiýaty dersinden hödürlenilýän düzmeleriň temalary çap edildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty tarapyndan taýýarlanan şol sanawy «Turkmenportal» hem okyjylary bilen paýlaşýar:
I. Erkin temalar
1. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.
2. Şan-şöhratly Garaşsyz Watanym.
3. Ösýär-özgerýär Garaşsyz diýar.
4. Türkmeniň milli döwletlilik ýörelgeleri.
5. Garaşsyzlyk — Watanymyzyň şöhraty.
6. Garaşsyzlygyň otuz ýyllygynyň taryhy keşbi.
7. Parla, ýaşyl Baýdagym!
8. Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!
9. Tebigatym — genji-känim.
10. «Paýhas çeşmesi» — edep mekdebi.
11. Taryhy gahrymanlaryň milli keşbi.
12. Altyn alma, alkyş al!
13. Sport — ýaşaýşyň gözelligi.
14. Enem-atam — şirin dilli ussadym.
15. Zähmet — bagtyň açary.
16. Bagym bar — barym bar.
17. Bilim we tehnologiýa.
18. Awazanyň owazlary.
19. Rowaýatlara siňen pähimler.
20. Arkadagyň paýhasyndan güller açýar Aşgabat.
21. Ojakdan başlanýan ykbal.
22. Waspyň sena boldy dillere, bedew!
23. Watan gerçekleri — ýurdumyzyň sarsmaz galasy.
24. Meniň arzuwym.
II. Türkmen we daşary ýurt edebiýaty boýunça temalar
25. Halk döredijiliginiň ýazuwly edebiýatdan tapawudy.
26. Halk döredijiliginiň gadymy kyssa görnüşleri.
27. Oguznama ýordumynyň döreýiş taryhy.
28. «Gorkut ata» şadessanynyň ynsan terbiýesine gönükdirilen watançylyk, edermenlik, halallyk, ynsanperwerlik ündewleri.
29. «Görogly» şadessanynyň dünýä edebiýatynda tutýan orny.
30. Türkmen halk döredijiliginde bedew ýordumy.
31. «Şasenem — Garyp» dessanynda baş gahrymanlaryň keşbi.
32. Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Bilimnama» eserinde öwüt-ündew.
33. Ýunus Emräniň ömri we döredijiligi.
34. Muhammet Baýram han Türkmen — serkerde şahyr, adalatyň goragçysy, döwrüniň pelsepeçisi.
35. Garajaoglanyň goşgularynda meňzetmeler we deňeşdirmeler.
36. Nurmuhammet Andalyp — şygryýet bossanynyň bilbili.
37. XVIII asyr türkmen edebiýatynda dessançylyk däp.
38. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» poemasynyň çeperçilik gymmaty we öwütnesihat esasy.
39. XVIII asyr türkmen poeziýasy.
40. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi.
41. Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi.
42. Abdylla Şabende — ussat dessançy.
43. Şeýdaýynyň lirikasy.
44. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseriniň mazmuny we manysy.
45. Gurbanaly Magrupynyň «Ýusup — Ahmet» dessanynyň durmuşy esasy.
46. XIX asyr türkmen edebiýatynda azatlyk, döwletlilik temalary.
47. Mämmetweli Keminäniň goşgularynda gelin-gyzyň çeper keşbi.
48. Seýitnazar Seýdiniň ömri we döredijiligi.
49. Gurbandurdy Zeliliniň ömri we döredijiligi.
50. Mollanepesiň ömri we döredijiligi.
51. Annagylyç Mätäjiniň ömri we döredijiligi.
52. Türkmen edebiýatynda döwür hem täzeçillik.
53. Abdysetdar Kazynyň «Jeňnama» poemasynyň taryhy esasy.
54. Berdi Kerbabaýewiň ömri we döredijiligi.
55. Hydyr Derýaýewiň ömri we döredijiligi.
56. Aman Kekilowyň ömri we döredijiligi.
57. Nurmyrat Saryhanowyň ömri we döredijiligi.
58. Ata Gowşudowyň ömri we döredijiligi.
59. Beki Seýtäkowyň ömri we döredijiligi.
60. «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» atly eseriň publisistik ähmiýeti.
61. Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde Şüküriň gahrymançylykly hereketi.
62. Gara Seýitliýewiň goşgularynda söýgi lirikasy.
63. Annaberdi Agabaýewiň «Oswensim owazlary» atly poemasynyň ideýasy.
64. Wasiliý Ýanyň «Çingiz han» eserinde Jelaleddin batyryň keşbi.
65. Mihail Lermontowyň ömri we döredijiligi.
III. Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça temalar
66. Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanynyň temasy we ideýasy.
67. Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanynda baş gahrymanlaryň çeper keşbi.
68. Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynyň taryhy esasy.
69. Garaşsyzlyk eýýamynyň şygyr we kyssa eserleri.
70. Garaşsyzlyk eýýamynyň dramaturgiýasy.
If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter strong >