Top.Mail.Ru

Latest News

News Archive

Государственный драматический театр Балканского велаята имени Сапармурата Туркменбаши Великого

0
106749
Address:
г. Балканабад ул., Узбой 198
Phone:
8002-22-7-07-83, касса
Last update:

Teatryň salgysy: Balkanabat şäheriniň Uzboý köçesiniň 198-nji  jaýy. 
Teatryň telefon belgileri: kabulhana 8002-22-7-07-83, kassa  

Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary bilen ruhlanyp Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar işleri bitirdi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda gysga möhletiň içinde köp sanly medeni maksatly köşk ýaly ajaýyp binalar gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle ajaýyp binalarynyň biri hem Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ak mermerden gurlan 500 orunluk döwlet drama teatrydyr. Şeýle kaşaň teatr jaýyny peşgeş beren hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşlar bimöçberdir. 
Bu ajaýyp köşkde teatryň işgärleriniň döredijilikli we ruhubelent işlemekleri, tomaşaçylaryň medeni dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teatr sungatyny ösdürmek barada edýän aladalary teatryň işgärleriniň has döredijilikli, netijeli işlemeklerine, ilhalar oýunlary döretmeklerine, adamlaryň işden boş wagtlary teatra gelip, spektakllara tomaşa edip, medeniýetli dynç almaklaryna giň mümkinçilik döretmäge ylham-joşgun, ruhy goldaw berýär. 
Garaşsyzlyk ýyllarynda teatryň sahnasynda döwletimiziň gazanan üstünliklerini, ösüşlerini, ýurdumyzyň taryhyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny täsirli, ýatda galyjy janlandyrýan spektakllaryň ençemesi sahnalaşdyrylyp, halk köpçüligine hödürlenildi. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry 2006-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Balkanabat şäherinde açyldy.
Teatryň açylan binasynda döredijilik we tehniki işgärleriň asylly zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Teatryň sahnasy giň we özboluşly. Teatryň tomaşa zaly, foýesi, diwarlary türkmen halkyna mahsus, özüne çekiji milli äheňler bilen bezelipdir hem-de bu ýere gelýän tomaşaçylarda, myhmanlarda ýakymly täsir galdyrýar. 
Teatryň ýöriteleşdirilen grim otaglarynda artistleriň özlerine serenjam bermekleri, spektakllara taýýarlyk görmekleri, gowy dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem sahna dürli reňkli ýagtylyk bermek üçin yşyklandyryjy enjamlaryň oturdylmagy, sahnanyň bezegine, öwüşginliligine, görkezilýän spektakllaryň täsirli bolmagyna şert döredýär. Mundan başga-da ýörite tans otagy, aýdym-sazlary ýazgy etmek üçin niýetlenilen ses-ýazgy otagy teatryň işgärleriniň döredijilikli işlemekleri üçin hyzmat edýär. 
Teatrda dürli spektakllar sahnalaşdyrylanda olaryň terbiýeçilik ähmiýeti, çuňňur many-mazmuny, sýužetiniň täsirliligi, wakalaryň dartgynlylygy, keşpleriň häsiýetleriniň köptaraplylygy, özboluşlylygy göz öňünde tutulýar. Ýaşlarda watansöýüjilik, mertlik, batyrlyk, söýgä, dostluga wepalylyk, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, dogruçyllyk, adamkärçilik ýaly häsiýetleri terbiýeleýän spektakllary sahnalaşdyrmaga bu teatrda uly üns berilýär.
Teatrda tejribeli artistleriň uly topary zähmet çekýärler hem-de olar sahnalaşdyrylýan spektakllaryň ýokary derejede, kämil çykmagy üçin özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halypa artistler dörediji ýaşlaryň kemala gelmegi, öwrenmekleri, tejribe toplamaklary üçin zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Olaryň halypaçylyk işleri ýaş artistleriň spektakllarda döredýän keşplerinde aýdyň ýüze çykýar. Teatrda sahnalaşdyrylýan oýunlarda ýaş artistleriň janlandyrýan keşpleriniň ýatda galyjy çykmagy we tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylmagy teatrda halypaçylyk-şägirtlik gatnaşyklarynyň göwnejaý ýola goýlandygyna güwä geçýär. 
Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz döwlet syýasatymyzda türkmen medeniýetiniň döwrüň talabyna laýyk derejede gülläp ösmegi hem-de onuň mazmunynyň, çeperçiliginiň we milliliginiň has baý, täze öwüşginlere eýe bolmagy üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegine aýratyn üns berýäris. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda, welaýatlarymyzda, obadyr şäherlerimizde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyny yzygiderli alyp barýarys. Häzirki döwürde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň özboluşly aýratynlyklaryny ylmy taýdan has düýpli öwrenmek we oňa hemmetaraplaýyn baha bermek örän zerurdyr. Munuň özi türkmen medeniýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine oňyn täsir eder» diýen parasatly sözlerinden ruhlanyp, teatryň işgärleri tomaşaçylaryň göwünlerinden turjak täze-täze spektakllary döretmekde janaýamazakly zähmet çekýärler. 
Gysga döwrüň içinde teatrda «Asuda ummanyň sergin şemaly», «Oguz toýy», «Bagtyýarlyk döwrüniň goşa toýy», «Joşgunly Awaza», «Söýgim meniň — bagtym meniň», «Söýgi bizi halas eder», «Köňül telwasy» atly sahna eserleri sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara hödürlenildi.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic