Top.Mail.Ru

Latest News

News Archive

“DILLER DÜNÝÄSI” dil merkezi

1
180725
Phone:
+(99312) 906065, +(99312) 906671
Last update:

Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň “DILLER  DÜNÝÄSI” dil merkezi

Size öz hyzmatlaryny  hödürleýär:

Dil merkeziniň hyzmatlary aşakdakylardan  ybarat:

“DILLER  DÜNÝÄSI” dil merkezi türkmen, iňlis, rus, arap, ýapon, hytaý, nemes, fransuz, pars dillerini öwretmeklige,  şeýle hem  rus we türkmen dillerinden agzalan daşary ýurt dillerine ýokary hilli terjime hyzmatlaryny etmeklige ýöriteleşdirilendir.

         Size hünärler boýunça okuwlary hödürleýäris:

  1. Iňlis dilinden;
  1. Toparlaýyn okuw (iňlis diliniň umumy kursy);
  2. Çaltlandyrylan usul bilen iňlis dilini öwretmek;
  3. Işewür (biznes) iňlis dili;
  4. Raýat hukugy, araçy (orbitraz) kazyýet hukugy, salgyt hukugy  we ş.m. Bank ulgamy (maýa goýum, söwda we bank hukugy) iňlis dili;
  5. Syýahat  ulgamy (gid, ekskursowod)   iňlis dili;
  6. Sport ulgamy (komentator);
  7. Lukmançylyk ulgamy;
  8. Ulag we aragatnaşyk ulgamy (awto ýollary, demir ýollary, howa ýollary) iňlis dili.

 

  1. Kompyuter sowatlylygy boýunça; okuwlar
  2. Tikinçilik boýunça okuwlar;
  3. Mekdepden daşary bedenterbiýe we sport;
  4. Suratkeşlik we tans (çagalar üçin);
  5. Türkmen dili (türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryny we dyngy belgileri öwretmek maksady bilen mekdep okuwçylary we talyplar üçin okuwlar);
  6. Dilewarlyk sungaty (Ritorika) (köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmeklik, maslahatlary, ýygnakalry, duşuşyklary alyp barmaklyk, söz sözlemegiň inçe syrlaryny öwretmek);
  7. Türkmen dil medeniýeti we ýazuw düzgüni; resmi – iş kagyzlaryny türkmen dilinde talaba laýyk ýazmaklygy öwretmek (işgärler bölümi, ylym bölüm, resminamalar (konselýariýa)) bölümler üçin;
  8. Ylmy stil we ylmy işleri ýazmagyň ayratynlyklary (dalaşgärler we aspirantlar üçin);

Mundan başga-da biziň merkezimiz ýokarda ady agzalan ugurlaryň hemmesi boýunça isleg bildirýänlere Aýratynlykda okatmak ýaly hyzmatlary hödürleýär.

  1. Indiwidual topar : 1 adamdan ybarat;
  2. Kiçi topar : 4 – 5 adamdan ybarat;

“DILLER  DÜNÝÄSI” dil merkezinde 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap 5 ýaşly çagalar üçin mekdebe taýýarlyk topary işläp başlaýar.

Mekdebe taýýarlyk toparynda  5 dilde  rus, iňlis, nemes, fransuz we ýapon dillerinde çuňlaşdyrylan okuwlar alnyp barylar (her bir ene-ata öz islegine görä çagasyna haýsy dil öwretjek bolsa saýlap biler).

Biziň merkezimize okamaga geliň

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic