Top.Mail.Ru

Последние новости

Архив новостей

Театр музыки и драмы имени Махтумкули

0
146698
Адрес:
г. Ашгабат, ул. Героглы, 65
Телефон:
94-06-12, касса 94-29-98
Последнее обновление:

Teatryň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 65-nji jaýy.

Teatryň telefon belgileri: Kabulhana 94-06-12, kassa 94-29-98.


Türkmen döwlet opera we balet teatry 1941-nji ýylda açylýar. Onuň sahnasynda ilki G.Kahiani tarapyndan ýazylan «Bagşynyň ykbaly» operasy, soňra A.Şapoşnikowyň «Zöhre-Tahyr» eseri goýulýar. 1942-nji ýylda K.Korçmarew tarapyndan ýazylan «Bagtly ýaşlyk», 1943-nji ýylda A.Şapoşnikowyň «Gül-Bilbil» hem Ý.Meýtus we A.Kulyýew tarapyndan döredilen «Abadan» operasy goýulýar.

Göräýmäge, opera entek türkmeniň aýdym-saz taryhynda bolmadyk žanr. Şol ýyllar Russiýadan, Ukrainadan gelen Şapoşnikow, Korçmarýow, Meýtus, Şehter ýaly ussat kompozitorlar, Moskwanyň uly teatrynyň režissýory Şaraşidze, Holfin ýaly ussat baletmeýsterler, Rabinowiç, Luşin ýaly suratkeşler türkmen teatrynyň işiniň ilerlemegine uly täsir edýärler. Ine, şolar ýaly ilkinji mugallymlaryň kömegi bilenem Goşa Japarow, T.Satlykgylyjowa, N.Annaýew, A.Annagurbanow ýaly balet artistleri, Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Hojaw Annadurdyýew, Hoja Annaýew, Ýolaman Hummaýew ýaly aýdymçylar gysga wagtyň içinde kämilleşip, sahna çykdylar. Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew ýaly ilkinji türkmen kompozitorlary, Alty Garlyýew ýaly režissýorlar, Garaja Burunow ýaly ilkinji librettoçylar peýda boldy. Munuň özi täze döredilen opera we balet teatrynda dünýä ýüzünde ykrar edilen çeperçilik däplerini özleşdirmäge, kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. 

Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasynda D.Öwezow bilen A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasynyň goýulmagy teatryň durmuşynda uly waka öwrülýär. Operanyň librettosyny adybir dessanyň esasynda Garaja Burunow ýazýar. Päk söýgi, adalatlylyk hakynda söz açýan, halk aýdym-sazlaryň esasynda döredilen operada teatryň ýaş, hyjuwly artistleri çykyş edýärler. 

«Şasenem-Garyp» operasynyň yzysüre K.Korçmarýowyň «Aldar Köse», A.Znasko – Borowskiý bilen W.Muhadowyň «Akpamyk» eseri goýulýar. 

Türkmen döwlet opera we balet teatrynda ýerli awtorlaryň eserleri bilen bir hatarda, Werdiniň «Aida», Putçininiň «Toska», Çaýkowskiniň «Garahal gyz», Borodiniň «Knýaz Igor», Gajybekowyň «Görogly», Minkusyň «Don-kihot», Adanyň «Žizel», Glazunowyň «Raýmonda», Çulakiniň «Ýaşlyk» eserleri öz beýanyny tapýar.

1957-nji ýylda teatryň sahnasynda D.Öwezow bilen A.Şapoşnikowyň «Aýna» operasy goýlup, onda türkmeniň milli sungaty bolan haly dokaýan gyz-gelinleriniň tarypy edilýär. 

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Ý.Meýtus «Magtymguly» operasyny döredýär. Opera 1962-nji ýylda sahnada goýulýar. 

Moskwanyň döwlet konserwatoriýasyny tamamlap gelen ýaş kompozitor Aman Agajykow, şahyr A.Alamyşowyň poemasynyň esasynda «Sona» operasyny ýazýar. 1964-nji ýylda tomaşaçylara hödürlenen bu opera ýaş kompozitora uly üstünlik getirýär. 

Meşhur kompozitor Weli Muhadowyň «Ganly saka» operasynyň goýulmagy türkmen kompozitorlarynda bu žanra bolan höwesi artdyrýar. Şeýlelikde, 1970-nji ýylda Çary Artykowyň «Daň atanda», 1974-nji ýylda Durdy Nuryýewiň «Ýalynly ýürekler», 1979-njy ýylda Nury Muhadowyň «Keýmir kör» operalary teatryň sahnasynda janlandyrylýar. 

Teatr «Gumdan tapylan ýürek», «Nusaý», «Epgegiň tepbedi», «Ajaýyp tebip», «Pöwrize» ýaly balet spektakllaryny hem sahnalaşdyrdy.  Türkmen döwlet opera we balet teatrynda ajaýyp sesli opera aýdymçylary Aýdogdy Gurbanow, Nury Meredow, Orazmyrat Amanmyradow, Medeniýet Şahberdiýewa, Atageldi Garýagdyýew, balet artistleri Ahmet Pürsiýanow, Ýusup Pürsiýanow, Bibi Çeretanowa, Gülbahar Musaýewa, Gözel Hummaýewa, Edissa Sarwazýan, Lidiýa Kandýukowa, Hezret Myradow, Myrat Ahundow, Wiktor Sopkin, Oraz Nyýazow dagy öz sungaty bilen tomaşaçylary begendirdiler. 

Teatrda Hydyr Allanurow, Mäne Meredow, Nury Muhadow, Matweý Rawiç ýaly dirižýorlar, Alty Garlyýew, Mälikguly Kepbanow, Baýram Seýidow, Kerim Niýazow dagy hem üstünlikli zähmet çekdiler. 

2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry döredildi. Bu teatr gysga wagtyň içinde täsirli we gyzykly oýunlaryň onlarçasyny sahnalaşdyrdy. Olaryň köpüsi ýerli awtorlaryň eserleri bolup, türkmen halkynyň taryhyndan, Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlarynyň gazanýan üstünliklerinden söhbet açýar. 

Teatryň ýykgyn edýän ugry dessanlardyr. Dessan eseri teatra gaty ýakyn, onda-da sazly drama teatryna juda golaý žanrdyr. Hut şonuň üçin hem täze açylan sazly drama teatry ilkinji eseri hökmünde, özünde halk aýdymlarynyň naýbaşylaryny jemleýän «Saýatly — Hemra» dessanyny saýlap aldy. Bu sahna eseriniň režissýory Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow. Režissýor teatryň täze işiniň şowly çykmagy üçin köp aladalar etdi. Teatra ýerlerden, il içinde adygan belli aýdymçylar Suhan Orazberdiýew, Rahmet Arnagylyjow, Halbike Dowyýewa, Läle Begnazarowa, baletmeýster Ahmet Pürsiýanow, suratkeş Şadurdy Alowow, Keýik Hojaýewa, kompozitor Daňatar Hydyrow, dirižýor Gurban Babaýew dagylar işe çagyryldy. «Saýatly-Hemra» sahna oýny teatryň döredijilik toparyna uly üstünlik getirdi. 

«Saýatly-Hemra» sahna eseriniň yzysüre teatr «Şasenem-Garyp», soňra «Hüýrlukga-Hemra», «Harmandäli», «Garajaoglan» ýaly oýunlaryny goýdy. 

Halkymyzyň ruhy galkynyşyny görkezmek, döwürdeşlerimiziň gazanýan zähmet üstünliklerini, ahlak gatnaşyklaryny, agzybirligi, dostlugy, jebisligi, halkara gatnaşyklarynda ýetilen derejäni, ykdysady ösüşi, milli medeniýetiň gazananlaryny wasp etmek maksady bilen teatrda «Agzybirlik ýylysydyr ojagyň», «Törebeg hanym», «Talyp söýgüsi», «Etme, oglan, sen oýun», «Hakyda», «Hazyna», «Ykbal öwrümleri», «Baý gelin», «Söýgi hem hasrat», «Bagt agşamy», «Arşyn mal alan», «Bir ojakda iki dünýä», «Gel kenara, söwer ýar», «Ak alaňlaň aýdymy», «Nurana şekiller», «Tumar şa» ýaly oýunlar sahnalaşdyryldy. 

Teatrda ýaş tomaşaçylar üçin ýörite «Täze ýyl ertekisi», «Ahmediň gaýduwsyz horazy», «Yhlas pälwan», «Süýji waharman», «Japbaklar», «Jadyly söz», «Bir Aždarha bar ekeni», “Gopbam towşanjyk”, “Esenşohuň ertekisi” atly sahna eserleri sahnalaşdyryldy.

Drama we sazly drama eserlerinden başga-da teatrda goýlan  «Şasenem -Garyp» (2008 ý.), «Leýli-Mejnun» (2009 ý.), «Zöhre-Tahyr» (2010 ý.), «Görogly» (2011 ý.), «Magtymguly» (2012 ý.), «Ýusup-Züleýha» (2014 ý.), «Görogly» (2013 ý.), «Aýna» (2015 ý.), “Saýathan” (2016 ý.), “Ruhubelentler” (2017 ý.), “Hürlukga-Hemra” (2018 ý.) ýaly operalary tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Opera gurluşy we göwrümi boýunça çylşyrymly žanr hasaplansa-da ony halk köpçüligini tiz we aňsat kabul edýär. Onda aýdyma, saza, tansa uly orun berilýär. Halkyň arasynda asyrlarboýy ýaşap, halka ruhy lezzet berip gelýän halk aýdym-sazlarymyz bolsa türkmen operalarynyň saz dilini döretmekde, bu eserleriň hakyky milli eser bolup halka ýetmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. 

Göwrümi, ýordumy we gurluşy boýunça «Şasenem-Garyp», «Leýli- Mejnun» we «Zöhre-Tahyr» operalary adaty nusgawy operalardyr. Bu operalarda nusgawy opera žanrlary bolan ariýalar, duetler, reçitatiwler, horlar, tans çykyşlary ulanylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň düzümi giň bolup, öz tans topary, orkestr artistleri, aýdymçy artistleri, drama artistleri bar.

Teatrda režissýor Aýnazar Batyrow, artistler Rejepgeldi Gurbanow,   Mähri Annageldiýewa, Halbike Dowyýewa, Ogultäç Hanyýewa, Öwezguly Gelenow,  Nury Hudaýgulyýew, Şatlyk Halykow, Döwlet Berdiýew, Tirkeş Mätnazarow, Aýsoltan Kowusowa, Nargiza Halykowa, kompozitor Nurygandym Hojamuhamedow, suratkeş Batyr Bekmyradow ýaly sungat ussatlary döredijilikli zähmet çekýärler. 

Umumy tutýan ýeri 20327 m2 bolup, ak mermere bürenip oturan Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 750 tomaşaçylar üçin orun bar. Bu medeniýet ojagy dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr. 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry çeper höwesjeňlere ýakyndan kömek berýär. Medeniýet we sungat işgärlerini taýýarlaýan ýokary we orta okuw jaýlarynyň talyplary bu teatrda ýylyň ýylyna tejribe geçýärler. Olar teatryň arhiwinde, edebi-drama bölüminde, yşyklandyryş, radio we grim bölümlerinde tejribeli hünärmenlerden sungatyň inçe syrlaryna aralaşmagy öwrenýärler. 

Teatrda ýaşlara berilýän üns hem öwerliklidir. Ýaş artistler keşp döretmäge yzygiderli çekilse, ýaş režissýorlar we suratkeşler öz ugurlaryndan ussat işgärlerden tälim alýarlar. 

Teatrda goýlan «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Görogly», «Ýusup-Züleýha» ýaly milli operalarymyz halk heňlerine baýlygy, halka ýakyn saz dilinde ýazylandygy üçin halkyň kalbynda müdimilik orun aldy. Gurluşy boýunça uwertýurasy we antrakty, gahrymanlary sazly häsiýetnamasy, sazly epizody we intermediýasy bolan halka tanyş şahyrana folklor we edebi eserlerden alnan librettolar bilen utgaşýan milli operalary sahnalaşdyrmaga işjeň çemeleşilmegi netijesinde türkmen opera sungaty üstünlik gazandy we hemmeler tarapyndan ykrar edildi.


Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме