Top.Mail.Ru

Son haberler

Haber Arşivi

Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

0
7912
Adres:
Baýramaly ş., Talyplar köçesi, 1.
Telefon:
6-38-41, 6-38-19, 6-07-84.
Son güncelleme:

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalyk pudagynda).

4. Weterinariýa.

5. Ýer ulanylyşy.

6. Maglumat ulgamlary (oba hojalyk pudagynda).

7. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.

8. Dokma önümçiligi.

9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Baýramaly şäherinde 2024-nji ýy­lyň  15-nji iýuly — 19-njy awgus­ty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy gün­le­rin­de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— weterinariýa; oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi hünärleri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

— oba hojalygynyň mehanizasiýasy; ýer ulanylyşy; maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

— ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy hünärleri — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

— dokma önümçiligi; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy hünärleri — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesi, 1, tel.: 6-38-41, 6-38-19, 6-07-84.

Metinde bir hata fark ederseniz lütfen onu vurgulayın ve Ctrl+Enter tuşlarına basın.

Yorumlar
Yorum yapmak için lütfen giriş yapın veya kayıt olun
Bu konuda