Последние новости
Архив новостей
MEKDEP ŞAHADATNAMASYNYŇ (ATTESTAT) NOTARIUSDA TASSYKLANMAGY WE TERJIMESI
0
74
MEKDEP ŞAHADATNAMASYNYŇ (ATTESTAT) NOTARIUSDA TASSYKLANMAGY WE TERJIMESI
------------------------------------------------------------------------------------
Mekdep şahadatnamasynyň (attestatyň) we daşary ýurtlara okuwa gitmek üçin notarial edarada tassyklanan terjimesi zerur bolan ýagdaýynda, ilki bilen onuň nusgasy (kopiýasy) notarius tarapyndan tassyklanýar, diňe şondan soňra islenilýän daşary ýurt diline terjime edilip, terjime merkeziniň möhüri bilen tassyklanýar.
Şahsy resminama rus diline terjime edilende, onuň eýesiniň familiýasy, ady, atasynyň ady Türkmenistanyň raýatynyň ýerli pasportynyň rus dilindäki sahypasynda görkezilişi ýaly, iňlis, nemes, türk ýa-da beýleki dillere terjime edilende bolsa biometrik pasportyndaky ýaly ýazylmalydyr.
------------------------------------------------------------------------------------
Adatça, nusga boýunça terjime edilýän resminamalary iş gününiň dowamynda ýerine ýetirip tabşyrýarys. Seýrek dillere terjime etmek üçin has köpräk wagt gerek bolmagy mümkindir. Gyssagly tertipdäki sargytlary 1 sagadyň dowamynda ýerine ýetirýäris. Şunuň ýaly ýagdaýda hyzmatlaryň bahasy iki esse artyk bolýar.
------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
«PAÝHAS AÇARY» TERJIME MERKEZI. --------
Habarlaşmak üçin: +99361 76-44-40; +99361 78-44-40 --------
E-mail: payhasachary1@gmail.com; payhas_achary@mail.ru --------
-------- Salgysy: Aşgabat ş., Parahat 2/1, Ýunus Emre köçesi 1, “Imperial” Halkara işewürlik merkezi --------
Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме