Top.Mail.Ru

Последние новости

Архив новостей

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
2296
Адрес:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Телефон:
39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.
Последнее обновление:

1. LOT ¹ 204.
Ministrligiň ýanyndaky «Awaza» sport toplumynyň UPS enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, Köpetdag sport toplumynyň myhmanhanasyna gerekli mebelleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

2. LOT ¹ 207.
Milli atly sport merkezinde, Mary we Daşoguz welaýat döwlet athanalarynda saklanylýan tohum atlar üçin ýorunja bedesini hem-de arpa satyn almak.
Satyn alyjy: “Türkmen atlary” döwlet birleşigi.

3. LOT ¹ 217.
Gulluga degişli desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

4. LOT ¹ 227.
Gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

5. LOT ¹ 235.
Welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň tabynlygyndaky Jemagat hojalygy müdirliklerine zir-zibil üçin demir gutulary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

6. LOT ¹ 251.
Daşoguz şäheriniň Nurmuhammet Andalyp şaýolunyň gündogar tarapyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inžener ulgamlaryny gurmak hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

7. LOT ¹ 253.
Welaýatyň çäginde hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýol belgilerini satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

8. LOT ¹ 255.
Türkmenabat şäheriniň Alty Garlyýew köçesi bilen Bitarap Türkmenistan köçesiniň çatrygyndan “Lebap” söwda we dynç alyş merkezine çenli aralygyň durkuny täzelemek, şäherde gurulýan «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçasyndan, işewürlik hem-de söwda dynç alyş merkezinden, 500 orunlyk toý zalyndan ybarat bolan binalar toplumyna barýan ýoluň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

9. LOT ¹ 256.
Türkmenabat şäheriniň Aşgabat köçesiniň ugrundaky boş duran ýerleri abadanlaşdyrmak, ýanýodalarda bejeriş işlerini geçirmek, şäherde guruljak awtomenzile barýan ýoluň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

10. LOT ¹ 261.
Çärjew etrabyndaky güýjenmesi 10 kW bolan elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

11. LOT ¹ 262.
Çärjew etrabynyň Jeýhun şäherçesindäki güýjenmesi 10/0,4 kW bolan howa ulgamynyň durkuny täzelemek, 4 sany güýjenmesi 160/10 kW-a KTP-ni 4 sany 250/10 GKTP-ä çalyşmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

12. LOT ¹ 280.
Şäherdäki sport we çagalar meýdançalarynyň durkuny täzelemek hem-de sport enjamlaryny oturtmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

13. LOT ¹ 283.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi üçin ýumşak esbaplary hem-de egin-eşikleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

14. LOT ¹ 299.
Gullugyň bölümleriniň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýangyn söndüriji enjamlaryny we ýangyn galkanlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

15. LOT ¹ 330.
Gullugyň merkezi edarasynyň, bölümleriniň sowadyjy we ýyladyş enjamlaryna hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

16. LOT ¹ 335.
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki hassahananyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

17. LOT ¹ 339.
Ministrlige gerek bolan enjamlary we tehniki serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

18. LOT ¹ 350.
Lebap welaýatynyň çäginde desgalar toplumyny gurmak üçin zerur bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

19. LOT ¹ 361.
Balkanabat şäheriniň Ýaşaýyş jaýlary ulanyş trestiniň hasabynda duran “Gurluşykçy” ýaşaýyş jaý toplumynyň 1, 1«A», 2, 3 we 5-nji ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini düýpli abatlamak üçin gurluşyk harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

20. LOT ¹ 366.
Ministrligiň zerurlygy üçin yşyklandyryjy sütünleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

21. LOT ¹ 371.
Ministrligiň ýanyndaky harby bölümiň ýyladyşhanasynyň bug gazanynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

22. LOT ¹ 390.
Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginiň çäginde gurulýan täze, döwrebap şäherçäniň arassa agyz suw ulgamynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

23. LOT ¹ 392.
Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginiň çäginde gurulýan täze, döwrebap şäherçäniň içki abadanlaşdyryş we gum-gazuw, tekizlemek işleri hem-de şäherçäniň ýaşaýjylarynyň mellek ýerlerini suwarmak mümkinçiligini döretmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

24. LOT ¹ 393.
Ýolöten etrabynyň “Bereket” daýhan birleşiginiň suw geçiriji ulgamlaryny täzeden çekmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

25. LOT ¹ 394.
Garagum etrabynyň «Tarp ýer» daýhan birleşigindäki obanyň eltiji we içki suw geçirijisini täzeden gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

26. LOT ¹ 400.
Gullugyň harby bölümleriniň sowadyjy enjamlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

27. LOT ¹ 438.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän emeli kanalyň boýundaky köprülerde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

28. LOT ¹ 443.
Büzmeýin etrabynyň «Abadan» ýaşaýyş toplumynda 4 gatly, 32 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

29. LOT ¹ 444.
Büzmeýin etrabynyň Altyn asyr köçesiniň ugrunda 4 gatly, 32 öýli 1 sany we 4 gatly, 48 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýlaryny daşky hem-de içki inžener ulgamlary bilen gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

30. LOT ¹ 468.
Kosmos müdirliginiň Hemrany ýer üstünden dolandyryş merkeziniň we Hemrany ýer üstünden dolandyryş stansiýasynyň wajyp enjamlaryny üznüksiz elektrik togy bilen üpjün edýän UPS enjamlarynyň akkumulýator batareýalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi.

31. LOT ¹ 502.
Ministrligiň zerurlygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

32. LOT ¹ 518.
Şäheriň Görogly köçesiniň Taslama köçesinden «Atly ýigit» aýlawyna çenli aralygynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

33. LOT ¹ 519.
Şäheriň Görogly köçesiniň Taslama köçesinden «Atly ýigit» aýlawyna çenli aralygynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

34. LOT ¹ 522.
Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde abatlaýyş hem-de abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

35. LOT ¹ 523.
Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda 4 gatly, 16 öýli 1 sany, 4 gaty, 32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inžener ulgamlaryny gurmak hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

36. LOT ¹ 524.
Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda gurulýan 4 gatly, jemi 640 öýli 16 sany ýaşaýyş jaýynyň suw üpjünçiligini täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

37. LOT ¹ 527.
Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň Bäherden şäheriniň çäginden geçýän 4560 metr böleginiň yşyklandyryjylaryny oturtmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

38. LOT ¹ 528.
Aşgabat şäherindäki 39-njy orta mekdebiň, 125-nji çagalar bagynyň elektrik ulgamynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

39. LOT ¹ 531.
Ministrligiň ýerli edaralaryna optiki-süýümli akymyň üsti bilen birikdirilmegi üçin optiki-süýümli akymyň kabelini we birikdiriji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.

40. LOT ¹ 532.
Balkanabat şäheriniň yşyklandyryş nokatlary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

41. LOT ¹ 534.
Mary şäheriniň N.Halmämmedow köçesiniň ugrunda guruljak 4 gatly, 24 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky lagym üpjünçilik işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

42. LOT ¹ 539.
Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginiň Ilaman obasyndaky güýjenmesi 10/0,04 kW bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

43. LOT ¹ 542.
Baş gözegçilik müdirligi üçin ýol belgilerini we ýol çyzgylarynyň boýaglaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi.

44. LOT ¹ 543.
Saýat şäherçesindäki hassahananyň hem-de Dänew şäherindäki hassahanalaryň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

45. LOT ¹ 544.
Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obanyň daşky we içerki elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

46. LOT ¹ 545.
Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň çäginde gurulýan täze, döwrebap obanyň daşky we içerki suwaryş, lagym, elektrik, agyz suw geçiriji ulgamlarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

47. LOT ¹ 550.
Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki täze, döwrebap obanyň suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

48. LOT ¹ 551.
Sakarçäge etrabynda gurulýan 4 gatly, 48 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýynyň abatlaýyş işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

49. LOT ¹ 554.
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň N.Aýtakow köçesiniň ugrundaky kiçi seýilgähi ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

50. LOT ¹ 556.
Daşoguz şäheriniň köçeleriniň yşyklandyryş sütünleriniň LED çyralarynyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan hem-de ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Telefon belgileri: 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39. 

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
По теме