Последние новости
Архив новостей
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma fabriginde modernizasiýa işlerini geçirmek boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde dokma önümçiligi üçin tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:
— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama berilmeli;
— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
— tehniki tabşyrygy almaly;
— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.
Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.
Bäsleşik teklipleri 2018-nji ýylyň 14-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-63, 40-71-77.
E-mail: TmTextile@mail.ru
Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter