Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepedäki Gazbeton kärhanada 14 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

12:4820.11.2024
0
7553

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki Gazbeton kärhanasynda 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 14 million 227 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Netijede geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 101,59 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýylyň başyndan bäri kärhanada öndürilen, bäsdeşlige ukyply önümler, şol sanda jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygyna niýetlenilen ýokary hilli gazbeton önümleri sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.

Gazbetondan ýasalýan dürli görnüşli diwarlyk bloklara, ýylylyk saklaýjy önümlere isleg has-da ýokarlanýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň