Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda nebitgaz pudagy boýunça iri halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär

10:3219.10.2024
0
23372

Wise-premýer B.Amanow nobatdaky Hökümet mejlisinde şu ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu çärä gatnaşmak üçin köp sanly daşary ýurtly kompaniýalary, ýurduň kärhanalarydyr telekeçileri hasaba alyndy. Halkara sergiň işine Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýyl-ýyldan bu çäräniň geriminiň giňemegi dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezýär. Halkara maslahat “Ählumumy energetika bazarynda täze depginler we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi” atly plenar mejlisden we alty sany bölümçeden ybarat bolar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilýändigini, bu çäräniň ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini belledi we forumy ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň