Latest News
News Archive
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky açyk görnüşli bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bank kart ulgamynda «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň galtaşykly (EMV) we galtaşyksyz hyzmatlaryny synag etmek hem-de sertifikatlaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça açyk görnüşli bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli resminamalary bankyň merkezi edarasyndan her gün sagat 9:30-dan 17:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň ýerleşdirilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýolunyň 32-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 40-60-02; 40-64-41.
Elektron salgysy: tveb@online.tm
If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter strong >